Biz barada
Öz gurluşymyzda emele getiren tejribeli we güýçli topar bilen kämilleşdiren taslamamyzy üstünlikli dowam edýäris.

Özümiz barada
1999-njy ýyldan bari Türkmenistanyň bazarynda hyzmat eden ugurda edinen maglumat we tejribeleri öz gurluşymyzda emele getiren tejribeli we güýçli topar bilen kämilleşdiren taslamamyzy üstünlikli dowam edýäris. Kärhanalaryň barlygynyň dowamamaty müşderä eýeçilik etmekden ybaratdyr. Bu taglymatlardan ugur alyp hyzmat bermek üçin özümizi bagtly duýýarys.

Maksadymyz
“Şertsiz Müşderiniň kanagatlanarlygy”ny özleşdiren we üstünlik bilen durmuşa geçirýän Ýimpaş, müşderileri bilen bilelikde guran bu duýguly gatnaşyk, ornuny bermeýän hil, müşderini nazara alýan ugur, yzygiderli ösüş we işgärlerinden müşderä çenli duýdurýan dogruçyllyk çäginde dowam etdirip “Örän oňat hyzmat berýän şereket” bolmak maksadyna tarap barýar.

Wezipämiz
Ýimpaşyň wezipesi, özboluşly hyzmat we müşderiniň kanagatlanarlylygy düşünjesi bilen müşderileriniň zerurlyklaryna aýratynlaýyn iň laýyk jogap berýär.

Gurama degişli gymmatlyklarymyz
Ynamdarlyk, eýeçilik etme, üstünlige barýan üýtgeşme, topar bolmak duýgusy bilen işleme, özüne we beýlekelerine hormat goýma, yzygiderli taglymatlary edinýän esasy gurama degişli gymmatlyklarymyz.

Sanlar taýdan Ýimpaş
Ýipmaşyň Türkmenistandaky şereketi 1998-nji ýyldan bäri Ýipmaş önümleri satyn alma merkezi we Ýimpaş telekeçilik merkezi hökmünde 17 ýyl üstünlikli işlerini dowam etdirýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 2000-nji ýylda herekete başlan Ýimpaş ilki bilen önümleri satyn alma merkezini hyzmat etmegi üçin berdi. 2007-nji ýylda Telekeçilik merkeziniň açylyş dabarasyny ýerine ýetirdi. 48 müň m2 meýdanda gurulan Ýimpaş önümleri satyn alma we telekeçilik merkeziniň 38 müň m2 ýapyk meýdany bar. Paýtagt Aşgabadyň iň işli şaýolusyndaky Ýimpaş merkezleri, 10 müň m2 awtoduralgasy bilen müşderileriň ulag serişdelerini duralgada saklamak zerurlygyny hem üpjün edýär. Ýimpaş, 700 golaý işgäri we müşderini kanagatlanarlylygyny taglymat edip edinýän hyzmat berme düşünjesi bilen ýokary hilli hyzmat bermegiň buýsanjyny müşderileri bilen paýlaşýar.

Iş edýän ulgamlarymyz
Ýimpaş shopping senter.
Türkmenistanyň iň döwrebap we göwnüňi açýan satyn alma merkezi adyna eýe Ýimpaş shopping senter, söwda merkezi, çörekhana, aýna önümlerini, dokma, açyk we ýapyk restoran, burger we self serwis bölümleri bilen 20 000 m2 ýapyk meýdanda hyzmat berýär. Çaga we oýun meýdançasy we beýleki sosial işleriniň meýdanlarynda hyzmat berip, 2-nji gata ýaýradan täze butik dükanlarynda Benetton, Kigyly, Park Brawo, Kotton, Kollezion, Rodi, Süwari, Ramseý, Wenis, Apple TM Store, NBB, Aý-Ýyldyz, Rodolfo Zengarini, Sarar, Karaja, Twist ilkinji hatarda bolup ýerli we daşary ýurt 23 meşhur markany müşderiler bilen duşuşdyryp her gün takmynan 8-9 müň müşderä kemçiliksiz satyn alma tejribesini hödürleýär.

Ýimpaş satyn alma merkezi önümiň dürliligi taýdan talap edilýän ähli önümiň bardygy, on müňlerçe galam önümiň satuwa hödürlenýän satyn alma merkezi düşünjesini berýär. Bu aýratynlygy bilen Ýimpaş, standartlaryny ähli bölümlerinde deň şekilde durmuşa geçirip nyrhlandyrma üstünligini alyp barýar.

Ýimpaş telekeçilik merkezi
18 000 m2 ýapyk meýdana eýe bolan Ýimpaş telekeçilik merkezi 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramçylygy öňüsyrasynda açyldy. Iki ýyla golaý gysga wagtda binanyň dolulyk deňeçerligi 99 göterime ýetdi. Ýimpaş telekeçilik merkezinde, Türk Howa Ýollary, Ýewropanyň banky, Germaniýanyň Kommerzbanky we Ýaponiýanyň Itoçu şereketleri bolup jemi 64 daşary ýurt we ýerli şereket işini alyp barýar. Bu şereketlerde, ýerli we daşary ýurtly hökmünde 500 işgär hyzmat berýär.

Her gün takmynan 500-600 aralygy myhmany kabul edýän Ýimpaş Telekeçilik merkezi hil düşünjesi bilen Türkmenistanda täze hyzmat medeniýetiniň ösdürmegine goşant goşdy. Müşderilerine berýän hyzmatlary bilen edil myhmanhana rahatlygyny hödürleýän Ýimpaş Telekeçilik merkezi, bu ulgamda ýurtda ilkinjiligi hem durmuşa geçirdi.

Copyright © 2013 Ýimpaş Söwda Merkezi - Türkmenistan. Ähli Hukuklary Goragly

Powered by Veriloft.