Hyzmat Bölümleri
Söwda merkezinden başga raýatlara hödürleýän dürli hyzmatlarymyz.

Biziň bu bölümimiz Ýimpaş söwda merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşip, müşderilerimiziň islegine baglylykda dürli tagamlar hödürlenýär. Müşderilimiziň gowy dynç almaklary üçin bu ýerde hemme şertler göz öňüne tutulan. Ýakyn wagtda bu bölümimiziň durky düýpgöter täzelenip, şähdiňizi açýan görnüşe getirildi. Bu bölümimiz hem öz gezeginde "Ýimpaş Restoran", "Mirburger", "Witamin Cafe", "Self-Servis", "Sea Food", "Pide-lahmacun", "Döner", "Bosphorus" ýaly aýratyn ugurlar bilen tanyşmaga we olardan lezzet almak mümkinçiligi bar.

"Ýimpaş Restoran" - Söwda Merkimiziň restorany bolup, Türk we Osmanly milli tagamlarynyň iň öňdebaryjylary ussat aşpezlerimiz tarapyndan taýýarlanyp "Ýimpaş Restoran"-da myhmanlarymyza hödürlenýär. Menýusynda dünýä aşhanasynyň ady belli lezzletlerini ýerleşdirip, dürli baharatlar we soslar bilen tagamlandyrdy.  Örän lezzetli gyzgyn we soguk başlangyçlar, esasy naharlar, hamyr işleri, işdäaçarlar we tagamyna doýum bolmaýan datlylar bilen baýlaşdyrlan menýu Siz gadyrdan myhmanlarymyz üçin hödürlenýär.  Biziň bu restoranymyz myhmanlara elektron menýu bilen hyzmat edýän Türkmenistandaky ilkinji restoran.

"Mirburger" - "Witamin Cafe" - "Self-Servis" - "Sea food" - "Pide-Lahmacun" - "Döner" - "Bosphorus" - "Waffle Time" - bu bölümlerde myhmanlara dünýä belli tiz tagamlary hödürlenýär.

Hyzmat bölüminde bular bilen bir hatarda TEKSTIL bölümi hem myhmanlara hyzmat edýär. Bu bölümde ýerli we daşary ýurtly meşhur kompaniýalaryň ýokary hilli önümleri ýer alýar. Müşderilimiz bu ýerde özlerine laýyk islendik egin-eşikleri tapmak mümkinçilikleri bar. Bu bölümimizde müşderiler ýylyň islendik paslyna degişli egin-eşikleri elýeterli bahadan tapyp bilerler. "Ýimpaş" kartly müşderilerimiz bu ýerdäki harytlarymyzdan 10% arzan alyp bilerler. Mundan başgada bu bölümimizde elmydama dürli harytlar üçin aksiýalar we arzanladyşlar dowam edýär.

 

Copyright © 2013 Ýimpaş Söwda Merkezi - Türkmenistan. Ähli Hukuklary Goragly

Powered by Veriloft.